logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  09.05.2023
973
Kaka etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Kaka etrabynyň 19-njy orta mekdebinde «Bu bagtyýar diýarda-sarpalydyr zenanlar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TKA-nyň Kaka etrap birleşmesiniň guramagynda geçirilen duşuşyga guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary hem-de ýaş hünärmenleri gatnaşdy.
Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan mukaddeslikleri gorap saklamak, nesilden-nesle geçirmek gelin-gyzlarymyzyň geýinýän milli egin-eşikleri, dakynýan şaý-sepleri, türkmen gözellerine mahsus bolan edep-ekramlylyk barada durup geçdiler. Häzirki döwürde türkmen zenanlaryna uly sylag-hormatyň goýulýandygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagynyň üpjün edilýändigi, önümçiligiň ähli pudaklarynda zähmet çekip, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýandyklary, şol bir wagtda öý bikesi bolup, öý-hojalyk işlerini hem döwrebap alyp barýandyklary dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi. 

 

Bahar ÄRNEPESOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Kaka etrap birleşmesiniň 
kätip-kompýuterçisi.