logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  25.01.2023
728
Kaka etrabynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Kaka etrabyndaky «Kakaagyzsuw» müdirliginiň zähmetsöýer işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen çözgütleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi gurady.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanylmagy, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bilen baglanyşykly ýürek buýsanjyny beýan etdiler.

Maslahatda berkarar Watanymyzyň ýokary depginler bilen ösmegi, abraý mertebesiniň belende galmagy ugrunda nusgalyk işleri alyp barýandygy, halkymyzy eşretli durmuşa ýetirendigi üçin Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.