logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Kaka etrabynda ýazlyk ýeralma ekilýär
  22.02.2023
818
Kaka etrabynda ýazlyk ýeralma ekilýär

Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy ýazlyk ýeralmanyň ekişine ýokary taýýarlyklar bilen girişip, şu günler jogapkärli möwsümi ylmy esasda, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýar. Aýjahan Nuryýewanyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygynda üstümizdäki möwsümde ýazlyk ýeralmanyň ekişini 50 gektar meýdanda geçirmek maksat edinilýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlangyjy bilen daýhan hojalygynda häzirki meýdan işlerine jogapkärli çemeleşilýär.

Geçen şanly ýylda bu etrapda güýzlük ýeralma ýetişdirilen 25 gektar meýdandan 350 tonnadan gowrak hasyl öndürildi. Ýeralmanyň «gala» görnüşi ýokumlylygy we tagamlylygy bilen tapawutlanýar.

Daýhan hojalygynyň zähmetkeşleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek hyjuwy bilen tutanýerli işleýärler.