logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabyndaky 1-nji orta mekdepde maslahat geçirildi
  10.02.2023
1139
Kaka etrabyndaky 1-nji orta mekdepde maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 1-nji orta mekdepde maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen çözgütleri ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahata bilim işgärleri gatnaşdy.

Maslahatda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Lideri diýen adynyň kanun esasynda berkidilmegi bilen bagly buýsançly gürrüň edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerimizi ruhy taýdan sagdyn, beden taýdan berk, watansöýüji, ilhalar edip ýetişdirmek babatdaky taýsyz tagallalary barada hem maslahatda täsirli söhbet açyldy. Netijeli häsiýete eýe bolan maslahatda Watanymyzyň ýokary depginler bilen ösmegi, abraý mertebesiniň belende galmagy ugrunda nusgalyk işleri alyp barýandygy, halkymyzy eşretli durmuşa ýetirendigi üçin Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.