logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Kaka etrabyndaky 16-njy orta mekdepde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  09.02.2023
852
Kaka etrabyndaky 16-njy orta mekdepde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Kaka etrabyndaky 16-njy orta mekdepde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen maslahata ýokary synp mekdep okuwçylarydyr ýaş mugallymlar gatnaşdy.

Maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden çuň manyly çykyşyna aýratyn üns çekildi.

— Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üytgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, onuň başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň saýlanylmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi halkymyzda çäksiz buýsanjy döretdi. Döwletli maslahatyň üstünlikli geçmegi we onda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi halkymyzyň jebisliginiň dabaralanmasyna öwrüldi — diýip, maslahatda çykyş edenler nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylar Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.