logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Kaka etrabyndaky Dokma toplumynda dabaraly maslahat geçirildi
  16.02.2023
890
Kaka etrabyndaky Dokma toplumynda dabaraly maslahat geçirildi

Ýakynda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Dokma toplumynda dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň Ahal welaýat birleşmesini hem-de TKA-nyň Kaka etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata etrabyň il sylagly ýaşululary, ak saçly eneler, Dokma toplumynyň işgärleri we ýaş hünärmenleri gatnaşdy.

Maslahatda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikde geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynyň, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleriň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlar dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Maslahatda çykyş edenler täze ýylyň şygarynyň ýaşlara bildirilen uly ynamdygyny nygtadylar. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alyp barýan beýik işleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar. 

 

Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Kaka etrap
birleşmesiniň esasy hünä
rmeni.