logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Kaka etrabyndaky Mäne baba kümmetinde rejeleýiş-berkidiş işlerine girişildi
  07.09.2023
841
Kaka etrabyndaky Mäne baba kümmetinde rejeleýiş-berkidiş işlerine girişildi

Kaka etrabyndaky «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki Mäne baba kümmetinde rejeleýiş-berkidiş işleriniň güýzki möwsümine girişildi. XII asyr binagärlik ýadygärliginde geçirilýän bu işleriň esasy maksady taryhy kümmedi tebigatyň täsirinden gorap saklamakdan we geljekki nesillere miras galdyrmakdan ybaratdyr.

 


Ilkinji türkmen-seljuk soltanlary Çagry beg hem-de Togrul beg tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady, keramatly pir Abusagyt Abulhaýryň — Mäne babanyň hormatyna gurdurylan bu kümmet ýurdumyzda saklanyp galan iňňän ähmiýetli, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan taryhy arhitektura ýadygärligidir. Türkmeniň şöhratly geçmişi hakynda gürrüň berýän taryhy ýadygärlik asyrlaryň dowamynda gözel görki bilen göreniň ünsüni çekip gelýär. Şoňa görä-de, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradowyň ýolbaşçylygynda ol ýerde ýerine ýetirilýän rejeleýiş-berkidiş işleriniň hiline aýratyn ähmiýet berilýär.