logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabyndaky orta mekdeplerde baýramçylyk duşuşyklary geçirildi
  14.05.2022
1251
Kaka etrabyndaky orta mekdeplerde baýramçylyk duşuşyklary geçirildi

Ýakynda, Kaka etrabyndaky 14-nji, 16-njy, 19-njy, 21-nji orta mekdepleriň mejlisler jaýlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp “Ýaşyl baýdagym — buýsanjym” atly baýramçylyk duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

Duşuşyklarda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Esasy Kanunymyzyň — Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna bellenilýän ajaýyp senäniň ähmiýeti barada çykyşlary etdiler. Geçirilen duşuşyklarda mekdep okuwçylary Esasy Kanunymyzy we ýaşyl Tugumyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary labyzly okadylar.