logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabyndaky “Serdar” pamyk egriji fabriginde baýramçylyk duşuşygy geçirildi
  03.06.2022
900
Kaka etrabyndaky “Serdar” pamyk egriji fabriginde baýramçylyk duşuşygy geçirildi

Kaka etrabyndaky “Serdar” pamyk egriji fabriginde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli duşuşyk geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de fabrigiň kärdeşler arkalaşygynyň ilikinji guramasy bilelikde gurnady.

Duşuşykda ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketine, köpçülikleýin bedenterbiýä berilýän üns, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagy ugrunda döredilýän şertler dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Duşuşygyň dowamynda sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň saglyga oňyn täsirini ýetirýändigi hakda aýratyn durlup geçildi.