logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Kaka etrabyndaky Serdar pamyk egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  07.04.2023
692
Kaka etrabyndaky Serdar pamyk egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän ösüş-özgertmeleri, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň üstünliklerini ilat arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen Kaka etrabyndaky Serdar pamyk egriji fabriginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk «Sagdynlyk — ýörelgämiz» diýlip atlandyryldy.

Duşuşyga ýaş işçi-hünärmenler gatnaşdy. Çykyş edenler türkmen jemgyýetiniň barha sagdynlaşýandygy, saglygy goraýyş ulgamynda, sportda uly üstünlikleriň gazanylýandygy dogrusynda durup geçdiler.