logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabynyň «Berkarar» toý mekanynda aýdym-sazly dabara geçirildi
  02.03.2023
1000
Kaka etrabynyň «Berkarar» toý mekanynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Kaka etrabynyň «Berkarar» toý mekanynda «Zenanlar Zeminiň gudrat-keremi!» ady bilen bagtyýar zenanlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Halkara zenanlar gününiň şanyna bolan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi bilelikde gurady.

Edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň, şeýle-de mährem eneleriň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar, ýagşy arzuwlar beýan edildi, zenanlaryň jemgyýetimizdäki orny we olar hakda edilýän aladalar dogrusynda durlup geçildi.

Etrabyň medeniýet bölüminiň aýdym-saz, halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar toý zalyna ýygnananlaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Ýakymly täsirlere utgaşan dabaranyň dowamynda gelin-gyzlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.