logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Agriculture /Kaka etrabynyň daýhanlary 22 müň gektara gowaça ekmegi meýilleşdirýär
  11.01.2023
1283
Kaka etrabynyň daýhanlary 22 müň gektara gowaça ekmegi meýilleşdirýär

Kaka etrabynyň daýhanlary gowaça ekiljek meýdanlary ýaz ekişine taýýarlamak işine jogapkärli çemeleşýärler. Üstümizdäki ýylda 22 müň gektarda gowaça ekmegi meýilleşdirýän etrabyň oba zähmetkeşleri sürüm, tekizlemek we geriş çekmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Bu işde etrabyň «Türkmenistan», «Parahat», G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşikleri, «Ýaz meýdan», «Arzuwlara ýeten daýhan», «Wepaly gala» daýhan hojalyklary görelde bolýar. Agzalan hojalyklarda gündelik işleriň depgininiň ýokarlanmagy we hiliniň ýokary bolmagy gazanylýar.

Häzirki meýdan işlerinde etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniň oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Işleriň ýerine ýetirilişi ýörite hünärmenler tarapyndan gözegçilikde saklanylýar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri we işjeň agzalary bolsa, sürüm, tekizlemek we geriş çekmek işine gatnaşýan mehanizatorlaryň armasyny ýetirýärler.