logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli duşuşyk geçirildi
  07.04.2022
1213
Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli duşuşyk geçirildi

Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli duşuşyk geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnaldy.

Duşuşykda, Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny dünýä derejesinde ösdürmek, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize ornaşdyrmak babatda edilýän aladalar, durmuşa geçirilýän giň göwrümli işler dogrusynda gürrüň edildi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen duşuşykda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler ýurdumyzda sport bilen yzygiderli meşgullanmak ugrunda döredilen giň şertler barada aýratyn durup geçdiler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli ýürek buýsanjyny beýan etdiler. Welosiped sürmegiň ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsiri hakda aýdylanlar uly dykgat bilen diňlendi.