logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etdi
  07.10.2022
901
Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etdi

Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy pagta taýýarlamak babatdaky şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinjileriň biri bolup, üstünlikli berjaý etdi. Şu ýyl daýhan hojalygy boýunça 65 gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirilip, pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi.

«Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy, Watan harmanyna 120 tonna «ak altyna» derek, pagtanyň 147 tonnadan gowragyny tabşyryp, bu babatdaky borçnamany 123,2 göterim ýerine ýetirmegi başardy. Häzirki wagtda daýhan hojalygynyň pagtaçylary «ak altynly» atyzlardaky galan hasyly hem soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça tutanýerli işleýärler.