logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde duşuşyk geçirildi
  04.05.2023
1054
Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde duşuşyk geçirildi

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrap kazyýetiniň hem-de etrabyň  jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda raýatlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy.

Duşuşykda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan amala aşyrylýan bimöçber işleriň netijesinde ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadynyň pugtalanýandygy, raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilýändigi barada aýdylyp, kanunçylyk bilen bagly ildeşlerimiziň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça olara täsirli gürrüň berildi.