logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Kaka etrabynyň öňdebaryjy oba-hojalykçylary sylalandyryldy
  11.10.2023
919
Kaka etrabynyň öňdebaryjy oba-hojalykçylary sylalandyryldy

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde, Kaka etrabynda hem pagta ýygymy güýçli depginde dowam edýär. «Ak altynly» meýdanlarda zähmet gaýnap joşýar. Pagta ýygymy möwsüminde meýilnamalaýyn işleriň üstünlikli berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Kaka  etrabynyň pagtaçy babadaýhanlary şu ýyl oňünde goýulan borçnamalaryny Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda irginsiz zähmet çekýärler. Etrabymyzyň pagta arassalaýjy kärhanasy daýhanyň der döküp ýetişdiren hasylyny bökdençsiz kabul edip almaga doly taýýar edildi. Şu günler bu ýerdäki harmanlar günsaýyn beýgelýär. Pagtany daşamak üçin niýetlenen ulaglar doly gurat ýagdaýda pagtaçy kärendeçilere gije-gündiz hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde öňdebaryjy kärendeçileri, gündelik ýokary netije gazanýan ýygymçylary, hasyly pagta arassalaýjy kärhana bökdençsiz tabşyrýan ulag sürüjilerini höweslendirmek çärelerini guraýar.

 

Akmuhammet Magtymgulyýew
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Kaka etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni