logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Kaka etrabynyň telekiçiler mekdebinde maşgala mekdebi barada maslahat geçirildi
  05.08.2023
1023
Kaka etrabynyň telekiçiler mekdebinde maşgala mekdebi barada maslahat geçirildi

Kaka etrabynda ýerleşýän telekeçiler mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramagynda maşgala mekdebi barada maslahat geçirildi.

 

Maşgala mekdebi barada geçirilen pedagogika maslahatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Mekanmyrat Babaýew “Üç görnüş ene-ata” atly tema boýunça çykyş etdi.

 

Pedagogika maslahatynyň diňleýjileri mekdep okuwçylary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleri boldy.

 

Maslahatda ýaşlara täsin atlandyrylýan üç görnüşli; dikuçar, seržant, konsultant ene-atalaryň çagalary terbiýeleýşi dogrusynda gyzykly gürrüň edildi. Şeýle hem ýaşlara ene-atany sylamak olara hormat goýmak barada wagyz nesihat edildi.

 

Täsirli geçen maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Kaka etrap Geňeşiniň hem-de Kaka etrabynyň Telekeçiler mekdebiniň guramagynda geçirdi.