logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Kaka etrabynyň wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  30.01.2023
895
Kaka etrabynyň wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda, Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrapdaky dürli edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň asudalygyny we raýatlarymyzyň agzybirligini berkitmek ugrunda edýän aladalary, halkymyzyň arasynda kanunçylygyň berjaý edilmegi, ösüp barýan ýaş nesillerimiziň ýokary ahlak ruhunda terbiýelenmegi, ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy ugrunda edilýän tagallalar barada gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.