logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabynyň ýüpekçileri 40 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler
  12.05.2022
945
Kaka etrabynyň ýüpekçileri 40 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler

Kaka etrabynyň ýüpekçileri “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda dokma senagatynda gymmatly çig mal bolan piläniň 40 tonnasyny taýýarlamagy maksat edinýär. Etrabyň ýüpekçileri häzirki günlerde yhlas bilen zähmet çekýärler. Olar pile öndürmek boýunça öňde duran borçnama abraý bilen hötde gelmek üçin ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar.  

Etrabyň ýüpekçileri gündelik taýýarlanýan piläni kabul ediş kärhanasyna bökdençsiz tabşyrýarlar. Ol ýerde çig pile degişli talaplara laýyklykda kabul edilýär we guradylýar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, häzirki jogapkärli möwsümde etrabymyzyň ýüpekçileriniň işe höwesini has-da ýokarlandyrmak we olary zähmet üstünligine ruhlandyrmak üçin höweslendiriş işlerini alyp barýarys. Bu bolsa, möwsümiň umumy depginine oňyn täsirini ýetirýär.