logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Kaka etrap awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  01.03.2023
728
Kaka etrap awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda, Kaka etrap awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi tarapyndan guralan duşuşyga awtoulag sürüjileri gatnaşdy.

Ýollarymyzda ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygyny we ulag serişdeleriniň hereketiniň sazlaşyklylygyny gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda döwrebap ýollarda awtoulaglary saz dolandyrmak babatdaky gürrüňe aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän köpugurly ulag düzüminiň döredilýändigi, döwrebap ýollaryň gurulýandygy, öňden bar bolanlarynyň durkunyň düýpgöter täzelenýändigi barada aýdyp, şol ýollarda ulag serişdelerini saz dolandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Täsirli geçen duşuşykda sürüjilere awtoulagy dolandyranlarynda degişli kadalary berk berjaý etmek, ulagy bellenilen tizlikde sürmek bilen bagly degerli maslahatlar berildi.