logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrap Medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  17.06.2022
1127
Kaka etrap Medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda, Kaka etrap Medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen geçiren maslahatynyň taryhy ähmiýetini, ondan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek we çuň many-mazmuny bilen ýaşlara düşündirmek boldy.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, saýlan hünärine kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigi, ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek ugrundaky tagallalaryň bu babatda uly ähmiýete eýedigi dogrusynda gürrüň edildi.