logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«KAKAMA» - Gurbanjemal ANNAKOWA
  17.12.2022
1579
«KAKAMA» - Gurbanjemal ANNAKOWA

Bilýäň, juda töwekgel men,
«Oňmasa, kakam bar» diýdim.
Öz göwnümi döwekgel men,
«Ýoňlasam, kakam bar» diýdim.

«Agyrtma dünýä kelläňi,
Ýeterin!» diýen sen dämi?
Durmuş bu: «Barja teňňämi
soňlasam, kakam bar» diýdim.

Şirin janym ýurda bendi,
Topragymdan aldym pendi.
Bolsam onuň hak perzendi,
«Bolmasam, kakam bar» diýdim.

Başysyň dileg-dogamyň,
Bagş etdim ähli sogabym,
«Magşarda berjek jogabym
bilmesem, kakam bar» diýdim.

Dert kär etmänsoň ýüregňe,
Gözlerňi aldy deregne,
Garap pelegiň garagna:
«Gülme sen, kakam bar!» diýdim.
«Gora ony, Jepbar» diýdim.
«Gapbar» diýdim.
«Kahhar» diýdim.