logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«KAMAZ-yň» bäşinji hyzmat ediş merkezi açylar!
  24.05.2023
1021
«KAMAZ-yň» bäşinji hyzmat ediş merkezi açylar!

Ýurdumyz «KAMAZ» APJ bilen hyzmatdaşlygy has-da berkidýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Russiýa Federasiýasynyň iri awtoulag öndürijisiniň on müňlerçesi ulanylýar.

Belläp geçsek, «KAMAZ-yň» ilkinji hyzmat ediş merkezi Aşgabat şäherinde 2008-nji ýylda açyldy. Soňra şeýle merkezler 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenbaşy şäherinde, 2022-nji ýylyň sentýabrynda bolsa Mary we Türkmenabat şäherlerinde açyldy. 2023-nji ýylda bolsa Daşoguz şäherinde hem «KAMAZ-yň» hyzmat ediş merkezini açmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurtda bu kompaniýanyň hyzmat ediş merkezleriniň sany bäşe ýeter.