logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /«Kamaz»-yň elektrobuslary Aşgabatda geçirilen sergide görkezildi
  05.05.2023
723
«Kamaz»-yň elektrobuslary Aşgabatda geçirilen sergide görkezildi

«Kamaz» «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» maslahatynyň çäginde Aşgabatda geçirilen sergide öz öndürýän elektrobuslaryny hödürledi.

«Kamaz»-yň baş müdiri Sergeý Kogoginiň şu ýylyň ýanwar aýynda habar berşi ýaly, bu kompaniýa synag üçin Türkmenistana öz öndürýän iki sany elektrobusyny iberdi. Aşgabatdaky sergide Kamazyň wekili häzirki wagtda ulaglary synag etmegiň henizem dowam edýändigini belleýär.

Mundan başga-da, sergide Russiýanyň kompaniýalaryna Russiýanyň demir ýollary, «Kommaş» (Oryol oblasty, kommunal hyzmatyň tehnikalaryny öndüriji) we «Ak Bars» gämi gurluşyk korporasiýasy (Tatarstan) wekilçilik edýär.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» atly konferensiýa we sergi 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirildi. Onda ulag we logistika pudagyna degişli ministrlikleriň we kompaniýalaryň wekilleri pudagy ösdürmegiň häzirki möhüm meselelerini we hemmetaraplaýyn ýollaryny ara alyp maslahatlaşyldy. 

 

Nurmuhammet SÜLEÝMANLY,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň uly mugallymy.