logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Kämil bilim – ak bagtyň gözbaşynda duran baýlyk
  31.03.2023
874
Kämil bilim – ak bagtyň gözbaşynda duran baýlyk

Eziz ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan asylly işleriniň netijesinde milli bilimi kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga möhüm ähmiýet berilýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin hünär taýdan taýýarlykly işgärleriň ýetişdirilmegine uly orun degişlidir. Bu meseleler döwletimiziň ýörite we haýsydyr bir ugur boýunça bar bolan talaplaryny nazara almak esasynda çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe täze ugurlar açyldy we bu ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär. Mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň döwrüň talabyna laýyk gelmegine kömek edýär. Bilim ulgamynyň interaktiw usulda ösdürilmegi ýaşlaryň intellektual kuwwatynyň ösmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine hem-de jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Şeýle hem döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine, bilim edaralarynda berilýän bilim-terbiýäniň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze bilim edaralarynyň onlarçasy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda ýaş raýatlaryň bilim-terbiýeçilik işlerinde döwrebap multimedia tehnologiýalary, akylly gurluşlary işjeň ýagdaýda ulanylýar. Ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösüşine hem hil taýdan täze itergi berildi. Bu ulgama döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artdyrylýar. Bu bolsa geljegi uly ylmy barlaglary, synag işlerini we tehnologik işläp taýýarlamalary alyp barmakda möhümdir. Alymlaryň hünärini, işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek hem-de netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine täzeçil usullar ornaşdyrylýar. Şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen dünýäniň maglumat binýadyna bolan elýeterlilik üpjün edilýär. Dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi, täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Bu ugurda amala aşyrylýan işler milletiň aň-bilim kuwwatynyň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Bu bolsa ata Watanymyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmakda möhüm şert bolup, täze-täze üstünliklere atarýar. 

 

Gözel AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.