logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Kämil kanun - berkarar binýat
  19.05.2023
870
Kämil kanun - berkarar binýat

Golaýda, Kaka etrap bilim bölüminde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli «Kämil kanun - berkarar binýat» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşyga Kaka etrap bilim bölüminiň başlygy J.Mämmedowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesiniň başlygy M.Myradow, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy P.Çaryýew şeýle-de bilim işgärleriniň birnäçesi gatnaşdy. Bu duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleriň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary hakynda wagyz edildi.

Şeýle-de bu duşuşygyň dowamynda halkymyzy baky bagta ýetiren, ak gelejegimiziň, bagtyýar ertirlerimiziň bähbidi üçin durmuşa geçirilýän beýik işleri üçin Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklaryna beslenmeklerini arzuw etdiler. 

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşygynyň Kaka etrap 
Geňeşiniň başlygy.