logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Kämil ylym-bilim — bagtyň çyragy
  17.12.2022
910
Kämil ylym-bilim — bagtyň çyragy

Ylym-bilim ynsan mertebesini belende göterýän gymmatlyklardandyr. Ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrmak we ýurdumyzy has çalt depginler bilen ösdürmek, ilkinji nobatda, kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan ýaş, kämil hünärmenlere baglydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda ýaşlaryň giň gözýetimli, sagdyn bedenli, päk ahlakly, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary dolandyryp bilýän bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär.

Bilim ojaklarynyň ählisi häzirki zamanyň kämil enjamlary, multimedia serişdeleri we internet aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. Halkymyzyň uly ynamy bilen iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, 2022-nji ýylyň 19-njy martynda geçirilen wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip belledi.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýokary okuw mekdeplerinde talyplara bilim bermek işi sanlylaşdyryldy. Okatmagyň sanly usulyna geçilmegi dürli döwletleriň ýokary okuw mekdepleri bilen onlaýn görnüşde, teleköpri arkaly sapaklaryň geçilmeginiň ýola goýulmagyna uly itergi berdi. Bu bolsa ylym-bilimiň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, kämil bilimli we ösen tehnologiýalardan baş çykarýan täze nesliň kemala gelýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

Diýarymyzyň ähli künjeginde ylym-bilim maglumatlaryna günüň islendik wagtynda elýeterli bolmak sanly ulgamy hem-de ylym-bilimi döwrebap derejede ösdürmekdäki esasy maksatlaryň biridir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bu gün dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi bilen aýakdaş gitmegi ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işleriň miwesidir. Sebäbi ýurduň ähli ulgamlarynda uly ösüşleriň gazanylmagy, ilkinji nobatda, şol ulgamlarda işlejek kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna baglydyr. 

 

Selbinyýaz ANNABERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.