logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /KÄMILLIGIŇ AÝDYŇ ÝOLY
  08.10.2022
983
KÄMILLIGIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň mysalydyr.

Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda häzirki döwürde ýaýbaňlanan giň gerimli özgertmeler Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyny şertlendirdi, halkymyzyň buýsanjyny belende göterdi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki wagtda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen 30 ýyllyk Milli maksatnama durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine laýyklykda, ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri dowam etdirilýär, toý-baýramlar giňden tutulýar. Her bir uly başlangyjy halk bilen ara alyp maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi, bu bolsa şol başlangyçlaryň rowaçlanmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şonuň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelip, ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki orny yzygiderli pugtalanýar. Ylalaşdyryjy merkez, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyz Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge we döwletara gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi soňky döwürde geçirilen halkara çärelerde ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy.

Hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde, sebitde durnuklylygy üpjün edip, özara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bu halkara çäreler uly ähmiýete eýedir. Hususan-da, olarda Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli möhüm çözgütleriň kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda has netijeli ugurlaryň kemala gelmegi we dünýäniň ähli halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin tagallalaryň birleşdirilmeginde örän ähmiýetlidir.

 

Çemen BAÝRYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.