logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Kämilligiň çägi ýok
  29.03.2023
998
Kämilligiň çägi ýok

Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ýaşlary, olaryň çuňňur bilimli, arassa ahlakly, watansöýer, başarjaň adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Ýakyndan berilýän üns-alada, edilýän goldaw-hemaýat bilim ojaklarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, okuw işine täzeçe usullaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Şeýle şertlerde talyp ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmeklerini gazanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şondan ugur almak bilen umumybilim berýän orta mekdeplerde meýilnama laýyklykda okuw tejribeliklerini geçýäris.

Tejribelik döwründe orta mekdeplerdäki ussat, tejribeli mugallymlar bize okatmagyň täze usullaryndan, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp, täsirli sapaklary geçmegi öwredýärler. Bu bolsa biz talyp ýaşlaryň hünär taýdan kämil bolup ýetişmegimize uly mümkinçilik berýär.

Bilim ulgamyny ösdürmegiň usullary we bu ugurdaky çemeleşmeler dünýäniň ösüş tejribesi bilen birlikde halkymyzyň milli hem ruhy gymmatlyklaryna esaslanýar. Bu 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda-da» aýdyň ýüze çykýar. Konsepsiýa özüniň mazmuny taýdan milli gymmatlyklar bilen berk baglanyşykly bolup, ol milli tejribeleriň sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly dessine ýaýradylmagyna we özleşdirilmegine täze mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlar täze açyşlaryň esaslandyrylyp, döwrebap taslamalaryň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly şertleri ýüze çykardy. 

 

Orazbagt ALLAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.