logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Kanadada tokaý ýangynlary dowam edýär: Müňlerçe adam ewakuasiýa edildi!
  05.06.2023
647
Kanadada tokaý ýangynlary dowam edýär: Müňlerçe adam ewakuasiýa edildi!

Kanadada dowam edýän tokaý ýangynlaryny söndürip bolmaýanlygy sebäpli  ýurduň gündogaryndaky Quebec we Nova Scotia ýaly şäherlerdäki müňlerçe adam ewakuasiýa edildi. Resmiler ýurduň gündogar böleginde dowam edýän görlüp-eşidilmedik tokaý ýangynlaryny söndürmek üçin birnäçe işleri geçirýärler.

Atlantik kenaryndaky Nova Scotia şäheriniň golaýyndaky tokaý häzire çenli iň erbet ýangyn möwsümini başdan geçirýär. Häkimiýetler geçen anna güni ýurduň 214 ýerinde ýangynyň bolandygyny, azyndan 93-siniň gözegçilikden çykandygyny habar berdiler.

Häzirki wagtda sebitde ýangyn söndüriji toparlar we olar bilen birlikde esgerler ýangyny söndürmek üçin tagalla edýärler.

Ýangyna ýakyn ýerlerde ýaşaýan 29 müň töweregi adam ewakuasiýa edildi. Häkimiýetler şu ýyl tutuş ýurt boýunça 2,7 million gektardan gowrak ýeriň küle öwrülendigini habar berdiler.