Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Kärendeçileriň arasynda
  14.03.2020
478
Kärendeçileriň arasynda

         Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň  Babadaýhan etrap komitetiniň işjeň agzalary-da şu günler etrabyň ekin meýdanlarynda ýygy-ýygydan bolup, meýdan işleriniň alnyp barlyşy bilen ýakyndan tanyşýarlar. Kärendeçileriň arasynda  wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Bu bolsa etrabyň pagtaçydyr, gallaçy kärendeçilerini  täze üstünliklere ruhlandyrýar.

        “Türkmenistan Bitaraplygyň – mekany”  ýylynda etrabyň pagtaçydyr gallaçy kärendeçileri yhlasly zämet çekýärler. Olar şu günler ak ekinlere iýdeg etmekde, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda özara ýaryşa giň gerim berýärler.

      Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda etrabyň Ak altyn daýhan birleşiginde  geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy täsirli boldy. Oňa daýhan birleşiginiň agzybir işgärleri hem-de partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdy.

       Etrap häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň müdüri M.Ballarowdan,  TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy R.Arrykowdan,  Ak altyn daýhan birleşiginiň biolabarotoriýasynyň müdüri B.Myradowdan, daýhan birleşiginiň başlygynyň däneçilik boýunça orunbasary W.Öwezgeldiýewden ybarat topar meýdan işleri bilen tanyşyp, kärendeçiler bilen  bol hasyl ösdürip ýetişdirmegiň ýollary barada özara pikir alyşdylar.

     Wagyz-nesihat toparynyň agzalary daýhan birleşiginiň Polat Atabaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän  22-nji pagtaçylyk toparynda, Täçmuhammet Hojageldiýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän  26-njy  däneçilik toparynda işleriň talabalaýyk guralýandygyna göz ýetirdiler.

         Duşuşyk daýhanlar üçin özboluşly tejribe mekdebine öwrüldi hem-de olarda ýakymly täsirleri galdyrdy.