logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Kärizler
  27.08.2020
1309
Kärizler

     Bäherden etrabynda häzirki wagtda işleýän kärizlerden, “Bäherdenagyzsuw” müdirligine degişli Döwüň kärizi, Hanyň kärizi, Injirewäniň kärizi, Hüntüşiň kärizi, Aýnabadyň kärizi, Garajanyň kärizi, Çopanyň kärizi, Janabadyň kärizi, Guryçaýyň kärizi, we Garagylyň kärizi atly kärizler halky agyz suwy bilen üpjün etmekde hyzmar edýärler. Kärizler ýerasty akaba bilen hersiniň  arasy 25-45 metr bolan dikhanalary özünde jemläp “Peşawardan” “Lalawa” çenli käsinde 30-40, käsinde bolsa 50-60 dikhanaly jemi boýy 2-3 kilometre uzaýan kärizlerdir. Olaryň iň täzeleri 2 asyr, köneräkleri 20-30 asyr bäri halka hyzmat edip gelýärler. Kärizleri arassalamak üçin häzirki wagtda “Bäherdenagyzsuw” müdirliginde ýörite topar işleýär we olar çarhlar hem-de gazuw enjamlary bilen üpjün edilen. Häzirki döwürde işlemän duran kärizler hem bar. Kärizleriň suwlary ýer astyndan, owunjak çagyllaryň arasyndan süzülip geçip, dury hem arassa bolýarlar. Suwlar ýerasty himiki elementleriň arasyndan geçýändigi sebäpli biri-birinden düzümi boýunça tapawutlanýan: käbiri şorrak, ajyrak, käbiri süýjiräk bolýarlar. Kärizleriň gözbaşlarynyň çuňluklaryda dürli-dürli bolýarlar, Garajaň, Hüntüşiň, Aýnabadyň kärizleri 40-45 metr, Döwüň we Hanyň kärizleri 60-70 metrden çykýar. Kärizleriň suw berijiligide biri-birinden tapawutly 5-6 litrden 17-18 litr suwa çenli baryp ýetýär. Türkmenistanda suwy tygşytly, arassa ulanmak döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň birine öwrülenden soňra, “Bäherdenagyzsuw” müdirliginde işleýän kärizleri arassalap durmak, işlemeýänleriniň sebäbini öwrenip birnäçe bejeriş işleri geçirilip durulýar.