logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Katar maýyplara hem «FIFA 2022» dünýä çempionatyny  görkezmegi maksat edinýär
  15.11.2022
934
Katar maýyplara hem «FIFA 2022» dünýä çempionatyny  görkezmegi maksat edinýär

Katar «FIFA 2022» dünýä çempionatynda ýaryşlary görmegi we lezzet almagy üçin her bir adamyň deň mümkinçilikleriniň bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.

Ýaryşlaryň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Çempionaty gurnaýjylar häzirki wagtda maýyplaryň hem ýaryşlary görmegi we lezzet almagy üçin gerekli çäreleri görýärler. Ýaryş günlerinde gurnaýjylar maýyplar üçin asuda we howpsuz ýerleri bölüp berer. Olaryň rahat we özüni oňaýly duýmagy üçin bolsa ýörite ýatylýan otaglar berler.