logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy
  21.04.2025
1956
Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy

Katolikleriň​ ruhy lideri hem-de Watikan döwletiniň ýolbaşçysy Rim papasy Fransisk​ şu gün irden aradan çykdy.

 

2023-nji ýyldan bäri saglyk ýagdaýy sebäpli yzygiderli bejergi alýan Rim papasyna​ öýken pnewmoniýasy​ diagnozy​ goýlupdy. Uzak wagt bejergi alan ruhany ýolbaşçy şu gün 88 ýaşynda dünýäden gaýtdy.

 

Papanyň​ öňünden belläp geçmegine görä, ol özüniň ýönekeý jaýlanyş dabarasynyň guralmagyny we Watikanyň​ daşynda jaýlanmagyny wesiýet​ edipdir.

 

Rim papasynyň aradan çykmagyndan soň, täze papany​ saýlamak üçin adaty düzgünlere laýyklykda ýörite tanyşlyk prosesi geçiriler. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekiller Watikana​ gelip, täze ruhy lideri saýlamak üçin ses bererler.