logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Kauçuk agajy
  02.06.2022
2695
Kauçuk agajy

    Kauçuk agajynyñ merkezi watany Indoneziýa, Günorta Amerika we Malaýziýa döwletleri hasaplanylýar. Agajyñ gabygynyň ýarylmagyndan ýa-da kesilmeginden emele gelýän süýtli şiräniň akmagy bu agajyñ örän täsindigini görkezýär. Bu süýtli şirä çig mal ýa-da gaýtadan işlenmedik kauçuk diýilýär. Çig mal ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýörite gaplarda ýygnalýar. Köp ştatda bu agaç kanun esasynda goralýar, şonuň üçin agaçlary kesmäge hiç ýerde, rugsat berilmeýär.

     Rezin agajyň birnäçe görnüşi bolup olardan iň meşhurlary ak we gyzyl kauçukdyr. Bu agaç  gaty çydamly agaç bolup, agajy iň çydamly görnüşleriň biri hasaplanýan Ýewropadaky dub bilen hem bäsleşip bilýär. Agaç , gaýtadan işlemekde çydamly we çeýe bolup munuň agaç däl-de, gudratdygyny aýdyp bileris, sebäbi ondan köp dürli önüm öndürilýär. Olaryñ birnäçesine mysal getirsek mebeller, dürli heýkeljikler,  aşhana gap-gaçlary, surat çarçuwalary, tekerler, ýokary hilli rezin, çaga oýnawaçlary, ellikler mundan başga-da birnäçe önümler alynýar.

      Kauçuk agajy gaty haýal ösýär, amatly şertlerde bir nahal bir aýda 4 sm ösüp bilýär. Agaç halkalary görünmeýär, şonuň üçin onuň ýaşyny diňe agajyñ beýikligi bilen kesgitläp bolýar. Iñ beýik kauçuk  agajynyñ boýy takmynan 25 metre, diametri 0,75 metre ýetýär. Agajyň peýdaly ömri 20 ýyldan gowrak dowam edýär. Gektardan  dykyzlygy 375 gr/sm2 bolan agaçlary ösdürip ýetişdireniňde, her gektardan takmynan 2500 kg rezin öndürip bolýar.

Şemşat Nuryýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby