logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /«KazBuild» halkara sergisine «Döwletli döwran» kärhanasy gatnaşýar
  08.09.2022
1147
«KazBuild» halkara sergisine «Döwletli döwran» kärhanasy gatnaşýar

2022-njy ýylyň 7-9-njy sentýabr aralygynda Gazagystanyň Almata şäherinde geçirilýän «KazBuild» halkara gurluşyk we interýer sergisine türkmen hususy telekeçileriň wekilleri hem gatnaşýar. Sergi Atakent halkara sergi merkezinde ýer alýar.

 

«Döwletli döwran» HK özüniň kerpiç we keramika önümleri bilen çykyş edýär. Lebap welaýatynyň Surh obasynda ýerleşýän önümçilik toplumynda gije gündiziň dowamynda 550 tonna, ýagny 220 müň bişen kerpiç öndürmäge ukyply. Ulanylýan tehnologiýalar dürli reňk we ölçegde kerpiç we keramika önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. 

 

«KazBuild» sebitdäki iri guralamçylyklaryň biri bolup, 1994-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu ýyl halkara sergä 21 döwletden 150-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. 2021-nji ýylda 12 döwletden 127 kompaniýa gatnaşypdy, 18 döwletiň arasynda ykdysady aragatnaşyk ýola goýuldy.

 

Gurluşyk materiallary, maşyn we enjamlar, bezeg we inçe işler, aýna gapy, keramika, öý awtomatizasiýa ulgamlary, gurallar we beýleki ugurlar boýunça iş alyp barýan onlarça kärhana sergide önümleri we hyzmatlary bilen çykyş edýär.