Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Tebigat /KEBELEKLER DÜNÝÄSINIŇ TÄSINLIKLERI
  17.04.2023
1109
KEBELEKLER DÜNÝÄSINIŇ TÄSINLIKLERI

Ýer ýüzünde iň kiçijik kebelekler asetoziýa kebelekleridir, bu kebelekleriň ganatlarynyň gerimi 2 millimetr töweregidir.

* * *

Kebelekler edil piller ýaly hortumy bilen iýmitlenýärler.

* * *

Orta hasap bilen bir kebelegiň ortaça agramy bägülüň 2 sany gül ýapraklarynyň jemi agramyna barabardyr.

* * *

Kebelekler Antarktida materiginden başga ähli materiklerde giňden ýaýrandyrlar.

* * *

Kebelekleriň köpüsi gijeki ýaşaýyş obrazyny alyp barýarlar.

* * *

Kebelekleriň tagam biliş reseptorlary aýaklarynyň aşagynda ýerleşendir.

* * *

Kebeleklerde ýüregi ýokdur.

* * *

Kebelek üç hili reňki saýgaryp bilýär: sary, ýaşyl we gyzyl.

* * *

Hytaý döwletinde kebelege söýgüniň hem-de uzak ýaşaýşyň nyşany hökmünde seredilýär.

* * *

Kebelekler ýer titreýän mahaly uçup bilmeýärler.

* * *

Köplenç, kebelekler atlandyrylanda olaryň atlary gadymy grek hudaýlarynyň ýa-da meşhur grek şahslarynyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle atlandyrmak pikiri kebelekleriň örän owadan we täsin keşbiniň bolanlygy sebäpli şwed alymy Karl Linneý tarapyndan orta atylypdyr.

* * *

Ýewropa döwletlerinde kebelekleriň owadanlygy meşhur häsiýetdir. Emma Hytaýda, Günorta Amerika döwletlerinde  we Hindistanda kebelekleriň bedeniniň süýji tagamy meşhurlyga eýe bolup, iýmit hökmünde peýdalanylýar.

* * *

Ýer ýüzüniň iň agyr bedenli kebelegi agaç deşiji kebelekdir (latynça, Endoxyla cinereus). Onuň agramy 30 grama çenli bolup bilýär.

* * *

Özüniň gysga ömrüniň bardygyna seretmezden kebelekleriň urkaçy osoby ömründe ortaça 1000-den gowrak ýumurtga goýmaga ukyplydyr.

* * *

Kebelekler eşidiş ukybyna eýe däldirler, ýöne titremäni duýup bilýärler.

* * *

Dünýäde iň iri göwrümli gijeki kebelek Attacus Altas kebelegidir. Bu kebelegiň ganatlarynyň gerimi 30 santimetr bolup, köp adamlar oňa guş hökmünde seredýärler.

* * *

Stokgolmda stresleri bejeriş keselhanalarynda kebelejikleri uçup ýörän otaglary bar. 

 

Gülşirin MUHAMMETÝAZOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.