logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Nature /Kenarsyz deňiz
  20.06.2023
867
Kenarsyz deňiz

Atlantik ummanyň suwunyň antisiklon aýlaw zonasynda Sargassow deňzi ýerleşýär. Sargossow deňziniň tutýan meýdany 7 mln km2, çuňlugy 6995 m, giňligi 5 müň km, uzynlygy 2 müň km deň bolýar. Bu deňziň suwy ýyly we duzly bolýar. Deňziň çuňlugyna aralaşdygyňça suwuň ýylylygy has hem artýar. Meselem, deňziň 800-1000 m çuňlugynda suwuň ýylylygy 100C, ummanyň beýleki zonalarynda bolsa suwuň ýylylygy 50 C deň bolýar.  Deňziň önümliligi örän pes bolýar. Sebäbi, deňziň esasy bölegini suwotylar tutýar. Bu bolsa deňizde kislorodyň we deňizde ýaşaýan deňiz ýaşaýjylarynyň görnüşleriniň, sanynyň azalmagyna getirýär. Ýöne, Sargassow deňiz energiýanyň esasy çeşmesi hasaplanýar. Sebäbi, deňziň üstünden öwüsýän Passat ýelleri we Golfstrim akymy energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Sargassow deňzine başgaça «kenarsyz deňiz» hem diýilýär. Aslyýetinde, «Sargaso» portugal dilinden terjime edilende «üzüm salkymy» diýmekligi aňladýar. Deňziň beýle atlandyrylmaklarynyň esasy sebäbi, suwuň ýüzünde hereket edýän suwotylar bilen baglanyşyklydyr. Deňziň ýüzünde hereket edýän suwotylaryň umumy agramynyň 11 mln tonna deň bolýandygyny gidrobiologlar belläp geçýärler . Deňziň üstüni 1 m galyňlykda suwotylar bilen bilelikde gyrmançalar hem tutýar. Bu bolsa uzak aralykdan seredilende kenary ýatladýar. Aslynda, Sargassow deňziň gaty kenary bolmaýarda, suwotylardan, gyrmançalardan ybarat kenary bolýar. Şonuň üçin hem Sargassow deňzine «kenarsyz deňiz» diýilýär. 

 

Enebaý ANNALYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.