logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Technology /Keniýa ilkinji synlaýyş emeli hemrasyny uçurar!
  04.04.2023
889
Keniýa ilkinji synlaýyş emeli hemrasyny uçurar!

Keniýa kosmos gullugy (KSA) ýurduň ilkinji synlaýyş emeli hemrasyny kosmosa uçurmaga taýynlanýar.

«SpaceX» kompaniýasyna degişli «Falcon-9» raketasy bilen ýer orbitasyna ýerleşdiriljek «Taifa-1» emeli hemrasy 11-nji aprelde uçurylar.

Oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, tebigy baýlyklary dolandyrmak we daşky gurşaw gözegçiligi ýaly maksatlar üçin ulanyljak emeli hemra Keniýanyň ilkinji gözegçilik hemrasy bolar.

Sputnigiň dizaýn we gurluşyk tapgyrlary Keniýaly inženerler tarapyndan 2 ýylda tamamlandy we emeli hemranyň böleklerini öndürmek we synagdan geçirmek Bolgariýa kosmos kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.

Keniýa kosmos gullugynyň başlygy uçuryljak emeli hemra ýurt üçin uly ösüş boljakdygyny mälim edýär.

2017-nji ýylda döredilen Keniýa kosmos gullugy ilkinji kiçi emeli hemrasyny 2018-nji ýylda Äleme uçurdy. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.