logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /KEREMLI TOPRAGYŇ NYGMATY
  05.08.2022
914
KEREMLI TOPRAGYŇ NYGMATY

        Şu günler ak bazarlarymyzdaky berekedi görseň, gözüň dokunýar. Aýratynda, behişdi nygmat bolan türkmen gawunynyň hoşboý ysy çar ýana bark urýar. Onsoň, bala öwrülýän gawunlaryň diňe keremli türkmen topragynda bitýändigi baradaky hakykat kalbyňda uly buýsanç duýgusyny döredýär. Tejenli daýhanlaryň ýetişdiren bereketli gawunlarynyň dürli görnüşleri bolup, olar “waharman”, “göktorly”, “gülaby”, “sarygyz”, “garrygyz”, “gürbek”, “zamça” we “kyrkgünlük” ýaly görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Hünärmenler gawunyň 400-den gowrak görnüşiniň bardygy barada belleýärler. Şeýle-de, gawunyň paçagynda guradylan çigitden süýji gawuny alyp bolýandygy tejribede ýüze çykaryldy. Gadymda pederlerimiz eti ýumşak bolar ýaly, gawunyň tohumlyk çigidini süýde ezip goýup, soňra ekipdirler.
       Dürli witaminlere baý türkmen gawuny saglyk üçin-de peýdaly bolup, ene-mamalarymyz onuň sowuklamany açýandygyny belleýärler. Lukmanlar gawunyň peşew halta, öt halta, bagra, aşgazana we içegä oňat täsir edýändigini, nerw rahatlygyny döredýändigini, waharman gawunynyň ternesiniň öýken kesellerine, dem gysma dermanydygy, gawun kakynyň düzüminde ýagyň, kletçatkanyň, foliý kislotasynyň, karotiniň we beýleki witaminleriň saklanýandygy sebäpli, ýürek, bagyr, böwrek kesellerini bejermekde, ganazlykda peýdalanmagy maslahat berýärler. Türkmen aga gawundan dürli görnüşli nygmatlary taýýarlap ýylyň dört paslynda şol önümler bilen saçagyny bezeýär. Gawunlardan taýýarlanylýan kak, bal, mürepbe ýaly önümleriň her biriniň öz taýýarlanyş usullary bar. Tomsuň häzirki yssy günlerinde adam derlemek bilen, süňňündäki peýdaly, işjeň maddalary-da ýitirýär. Şol ýitirilýän maddalaryň ornuny doldurmakda gawunyň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin ata-babalarymyz tomus günleri günüň dowamynda gawuny birnäçe gezek iýmegi öz nesillerine maslahat beripdirler.
Häzirki wagtda ak bazarlarymyz ýokary hilli, datly önümler bilen barha baýlaşýar.