logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Kerki çörek kärhanasynda ýokary netijeler gazanylýar
  06.04.2023
895
Kerki çörek kärhanasynda ýokary netijeler gazanylýar

Kerki çörek kärhanasynda çörek we çörek önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly haryt nyşanly ýokary hilli çörek we çörek önümlerine isleg barha ýokarlanýar.

Kärhanada şu ýylyň geçen ýanwar-mart aýlarynda 1 müň 514 tonna çörek we çörek önümleri öndürilip, meýilnama 111,59 göterim ýerine ýetirildi. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 2 million 758 müň 854 manatlyga deň boldy.