logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /«Kerki ― Daşoguz ― Kerki» uçar gatnawy dikeldildi
  02.02.2023
1098
«Kerki ― Daşoguz ― Kerki» uçar gatnawy dikeldildi

1-nji fewraldan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan içerki uçar gatnawlaryna käbir üýtgeşmeler girizildi. Olaryň arasynda Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawynyň dikeldilendigi aýratyn bellärliklidir.

Şu hepdäniň şenbe güni Kerki ― Daşoguz ― Kerki ugry boýunça ilkinji uçuş amala aşyrylar. Bu ugur boýunça uçuş her hepdäniň şenbe gününe meýilleşdirilýär. «BOEING 737-800» kysymly uçar sagat 11:50-de Kerki şäherinden Daşoguza uçar. Uçuş 1 sagat 10 minut dowam eder. Uçar Kerki şäherine 14:00-da gaýdar.

Ýeri gelende aýtsak, 2020-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen Kerki Halkara howa menzilinden diňe Aşgabat ýa-da Daşoguz şäherlerine däl, möwsümleýin görnüşde Türkmenbaşy şäherine hem gatnawlar ýola goýulýar. Deňiz ýakasyndaky şähere goýulýan uçar gatnawy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň açylmagy bilen baglydyr.