logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Kerki şäherinde täze dermanhana açyldy
  02.02.2023
1244
Kerki şäherinde täze dermanhana açyldy

1-nji fewralda Kerki şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişli täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.

Dermanhana eýýäm ilata hyzmat edip başlady. Umumy meýdany 500 inedördül metre deň bolan, bir gatly, sekiz otagly bu dermanhanada Türkmenistanda we Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary hilli derman serişdeleri elýeterli bahadan hödürlenilýär.

Dermanhanada derman serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň, anyklaýyş gurallarynyň we beýleki saglyk üçin zerur bolan önümleriň söwdasyny guraýan bölümler işleýär. Dermanhana bölümleri we töleg nokatlary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy we sanly ulgama birikdirildi.

Dermanhananyň derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bölüminde Türkmenistanyň çäginde ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhemleriň, derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň uly topary goýlupdyr.

Bu ýerde sorag-jogap we maslahat gullugy müşderilere gerekli dermanlary we serişdeleri gözlemäge kömek edýär. Dermanhanada arassalaýyş bölümi, ammar we beýleki desgalar hem hereket edýär.

Dermanhananyň ilata hyzmat edýän işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Munuň özi alyjylara diňe bir zerur serişdeleri däl-de, eýsem, gerekli maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär. «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişli dermanhana Türkmenabat şäherinde hem işleýär. Bu kärhananyň ýurdumyzyň Ahal, Balkan welaýatlarynda şu ugra degişli desgalary dolandyrmakda özboluşly tejribesiniň bolmagy ilata hödürlenilýän hyzmatyň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.