logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kerkidäki çörek kärhanasynda her gün 16 tonna elin çörek öndürilýär
  15.02.2023
1098
Kerkidäki çörek kärhanasynda her gün 16 tonna elin çörek öndürilýär

Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynda her günde ýokary hilli çörek we çörek önümleriniň 15-16 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Geçen ýyl bu ýerde 5 müň 691 tonna çörek we çörek önümleri öndürilip, ýokary girdeji gazanyldy.

85 ýyldan bäri bökdençsiz işläp gelýän kärhana «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşigine degişlidir. Bu ýerde müşderilere işgärleriň 200-den gowragy hyzmat edýär. Kärhanada öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn däne», «Höwesli», «Altyn asyr» ýaly haryt nyşanly çörek önümlerine isleg diýseň ýokary.

Geçen aýda bu kärhanada meýilleşdirilen 232 tonnanyň deregine 475 tonna çörek we çörek önümleri öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden hem ep-esli köpdür.