logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Keşdeçilik sungatymyzyň dünýä mirasyndaky orny
  10.03.2023
870
Keşdeçilik sungatymyzyň dünýä mirasyndaky orny

Gözbaşyny müňýyllyklaryň dowamyndan alyp gaýdýan halkymyzyň gadymy däp-dessurlary milli medeniýetimiziň durmuş ýörelgelerini özünde jemleýär. Milli mirasymyzda gelin-gyzlarymyzyň hünärli ellerinden dörän nepis el işleri möhüm orny eýeleýär. Milli öwüşginli el işleri bolan keşdeçilik sungaty türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezeýär. Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan türkmen milli keşdeçilik sungaty gadymy milli mirasymyzyň biri hasaplanýar. Bu milli sungat ÝUNESKO-nyň abraýly sanawynda hem orun alandyr. Keşdeçilik sungatynyň bu sanawa girizilmeginiň özi bu inçe sungatyň halkara derejesinde sarpalanýandygyndan nyşandyr. Ussat türkmen gyz-gelinleriniň on barmagynyň hünäri bolan ajaýyp keşdeleri synlanyňda, olaryň her birine siňdirilen yhlasyň, irginsiz zähmetiň bimöçberdigine göz ýetirmek bolýar. Türkmen zenanyna salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, ussat, çeper ellilik aýratynlyklary mahsusdyr. Bu aýratynlyklar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde hem giňden beýan edilýär. Ajaýyp keşdeleriň ähli görnüşleri edil janly surat eserine çalym edýär. Bu sungatyň şu günlerimize çenli gelip ýetmegi gadymdan gelýän milli mirasymyza degişli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär. Ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini dowam etdirýän çeper elli gyz-gelinlerimiziň basma basmak, gaýma gaýamak şeýle-de jähek çalmak, pugtama pugtalamak ýaly ajaýyp el işleri dünýä nusgalykdyr. Bu sungatyň ene-mamalarymyzdan miras galan özboluşly serpaýdygyny bolsa, aýratyn bellemelidiris. Munuň özi gyz-gelinlerimiziň el işleriniň tebigatyň gözelligi bilen sazlaşyklydygyna şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşyny, onuň milliligini, däp-dessuryny häsiýetlendirýän türkmen milli nagyşlary biziň medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegidir. Ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanýan milli lybaslarymyza bezeg berip duran ajaýyp nagyşlar türkmen gyz-gelinlerimiziň sungat derejesine ýetiren her bir el işleriniň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! 

 

Ogulşat BÄŞIMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.