logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Kesellemekden gorkýanlygy sebäpli 50 ýyldyr suwa düşmedik adam aradan çykdy
  25.10.2022
1832
Kesellemekden gorkýanlygy sebäpli 50 ýyldyr suwa düşmedik adam aradan çykdy

Eýranda «kesellemekden gorkup» 50 ýyldan gowrak wagt bäri suwa düşmedik adam 94 ýaşynda aradan çykdy.

Eýranyň Fars welaýatynyň Farsband etrabynyň Dejgah obasynda ýaşaýan we «Hajy aga» diýlip tanalýan garry ýaşuly kesellemekden gorkup 50 ýyldan gowrak wagt bäri suwa düşmedi.

Birnäçe ýyl ozal obanyň ýaşaýjylary bu garry gojany suwa düşürmek üçin äkitjek bolanlarynda, goja gaçypdyr. Ýarawsyzlykdan gorkup, suwa düşmekden ýüz öwürýän goja 94 ýaşynda syrkawlap aradan çykdy.

Oba ýaşaýjylary tarapyndan uly hormata eýe bolan «Hajy aga» öz ömrüniň dowamynda hiç hili maşgala gurmandyr. Şeýle hem aýdylşyna görä bu goja ömrüniň dowamynda bir gezek hem kesellemändir.

Goja bilen bile söhbet eden adamlaryň aýtmagyna görä, goja dünýädäki we öz ýurdundaky ähli wakalardan dessin habarly bolupdyr.