logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kiberhowpsuzlyk ulgamy kämilleşdirilýär
  09.04.2024
620
Kiberhowpsuzlyk ulgamy kämilleşdirilýär

Kiberhowpsuzlyk - kompýuterleri,elektron ulgamlary, ykjam enjamlary, serwerleri, torlary we maglumatlary zyýanly hüjümlerden goramak üçin usullaryň we amallaryň ýygyndysydyr. Kiberhowpsuzlyk, işewürlikden ykjam tehnologiýa çenli dürli ugurlarda ulanylýar. Bu ugurda kategoriýalary tapawutlandyryp bolar. Ýagny, tor howpsuzlygy, maglumat howpsuzlygy, amal howpsuzlygy, habarlylygy ýokarlandyrmak we ş.m.

Şeýle hem ýurdumyzda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet — hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslarynyň ygtybarly goragynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle ajaýyp zamanada il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmeginde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Resul KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.