logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Kiçi futbol ýaryşy
  05.04.2020
991
Kiçi futbol ýaryşy

        Tejen şäheriniň 1500 orunlyk sport desgasynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanan ýaryşa ýaşlardan düzülen toparlaryň 12-si gatnaşdy.

         Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesi tarapyndan guralan ýaryşyň esasy maksady ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden belleniljek şanly ýylymyzy dabaralandyrmakdan, ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan, güýçli toparlary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybarat boldy. Duşuşyklar çekeleşikliligi bilen tapawutlandy.

        Ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Onuň netijesinde “Ýaşlyk” topary birinji, “Ýetginjek” topary ikinji, “Üçgun” topary üçünji orunlara mynasyp boldy. Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän toparlara  ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.