logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Kiçi futbol ýaryşy
  14.10.2020
1053
Kiçi futbol ýaryşy

     «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII  spartakiadanyň çägindäki ýaryşlar dowam edýär. Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde agzalan spartakiadanyň çäginde kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryş çekeleşikli boldy. Ony “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilelikde gurady.

     Ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň sport ussatlyklaryny artdyrmak, güýçli toparlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Ýaryşda ýaş türgenler  ýeňiş gazanmak ugrunda ukyp-başarnygyny görkezdiler.

      Çekeleşikli we gyzykly geçen duşuşyklarda güýçli toparlar öňe saýlandy. Şeýlelikde welaýat häkimliginiň 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebiniň topary birinji, 7-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň topary ikinji, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji toparlara “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.