logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /«Kilwan» haryt nyşanly konditer önümleri öndürilip başlandy
  23.01.2023
1473
«Kilwan» haryt nyşanly konditer önümleri öndürilip başlandy

Halkymyzyň toý saçaklaryny hemişe dürli görnüşli konditer önümleri bilen bezemek üçin Mary şäherindäki, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Hojaly» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri hem gaýratly zähmet çekýärler. Hojalyk jemgyýetiniň işgärleri 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden «Kilwan» haryt nyşanly, dürli görnüşli konditer önümlerini öndürip başladylar. Kärhanada hamyr ýasaýjy, şekil beriji, bişiriji we gaplaýjy bölümler hereket edip, önümçilik bölümlerinde dünýä belli kompaniýalaryň kuwwatly tehnologiýalary öndürijilikli işledilýär.

Kärhananyň agzybir işgärleri şekerli, huruşly, karamel goşundyly, daşy şokolad örtükli petir kökeleriň hem-de wafliniň birnäçe görnüşini öndürip, halkymyza elýeter bahadan hödürleýärler. Göze gelüwli, owadan gaplara gaplanan, dürli görnüşli, ýokary hilli önümler özüniň tagamy, harytlyk derejesi we ekologik arassalygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde gündelik öndürilýän konditer önümlerine «Wasp», «Kesp», «Has», «Rende», «Altyn däne», «Pasyllar», «Seýrana» ýaly döwrebap atlar berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerine jogap edip zähmet çekýän hususy kärhananyň işgärleri täze ýylyň ilkinji aýyny hem uly zähmet üstünlikleri bilen jemlemegi maksat edinýärler.